Sepleriň elýeterliligi

Owgan polisiýasyna hüjüm edildi


Hüjümçi ýük ulagyň arkasyna düşelen partladyjylary Laşkar Gah şäherindäki polisiýanyň baş edarasynyň girelgesinde partladandan soň, polisiýa işgärleri wakada ölenleriň üstüni örtýar. 30-njy iýun, 2015 ý.

Hüjümçi ýük ulagyň arkasyna düşelen partladyjylary Laşkar Gah şäherindäki polisiýanyň baş edarasynyň girelgesinde partladandan soň, polisiýa işgärleri wakada ölenleriň üstüni örtýar. 30-njy iýun, 2015 ý.

Owganystanyň häkimiýetleri 30-njy iýunda ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatynda bombaly ýük ulagynda amala aşyrylan hüjümde parahat ilatdan iki adamyň ölendigini we başga-da 40-dan gowragynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Hüjümçi ýük ulagyň arkasyna düşelen partladyjylary Laşkar Gah şäherindäki polisiýanyň baş edarasynyň girelgesinde partlatdy diýip, polisiýanyň metbugat wekili Farid Ahmad Obaid belleýär.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, hüjümde ýaralananlaryň ählisi parahat ilatdan ýaşaýjylar bolup, olar golaý-goltumdaky keselhana alnyp gidildi.

Owganystanyň ýerli metbugatynyň waka şaýat bolanlara salgylanyp berýän maglumatyna görä, partlamadan soň başga-da üç hüjümçi polisiýanyň edarasyna girmäge synanyşypdyr. Şaýatlar şol hüjümçileriň biriniň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilendigini, ikisiniň bolsa wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidendigini aýdýarlar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady, emma “Talyban” hereketi polisiýanyň baş edaralaryny we işgärlerini ýygy-ýygydan nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG