Sepleriň elýeterliligi

Altynaýyň işi boýunça üç kişi tussag edildi


Altynaý Seýitmedowa umumy ýaşaýyş jaýynyň aýnasyndan özüni aşak oklap, heläk bolupdy.

Altynaý Seýitmedowa umumy ýaşaýyş jaýynyň aýnasyndan özüni aşak oklap, heläk bolupdy.

Ukrainada türkmen gyzynyň öz janyna kast etmegi bilen ilteşikli üç adam tussag edildi. Ýatladyp geçsek, mundan dokuz gün ozal Altynaý Seýitmedowa umumy ýaşaýyş jaýynyň aýnasyndan özüni aşak oklap, heläk bolupdy.

Azatlyk Radiosy Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň Harkow welaýaty boýunça Baş müdirligi bilen habarlaşanda, bu iş boýunça tussaga alnanlaryň biriniň - 26 ýaşly erkek kişiniň hereketleriniň ýurduň Jenaýat kodeksiniň 3-nji maddasynyň 153-nji bölümine (Jynsy islegi adaty bolmadyk usul arkaly zor bilen kanagatlandyrmak) görä häsiýetlendirilendigini mälim etdiler.

Polisiýa resmisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde tussag edilen beýleki iki “bozgagyň”– 25 ýaşly iki sany erkek kişiniň hereketleriniň Jenaýat kodeksiň 4-nji maddasynyň 152-nji bölümi (zorlamak) boýunça häsiýetlendirilýändigini aýtdy.

Ukrain resmisi tussaga alnanlaryň daşary ýurt raýatlarydygyny tassyklasa-da, olaryň anyk haýsy ýurduň raýatlarydygyny – “entek derňew barýany sebäpli” mälim etmedi.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň Harkow welaýaty boýunça Baş müdirliginiň berýän maglumatyna görä, bu iş boýunça 25-nji iýunda Dzeržinskiý raýon sudunda diňlenişik geçip, güman edilýänlere, girewine pul goýup azatlyga çykmak mümkinçiliginden mahrum edilip, 60 gün tussaglyk berlipdir. Aýyplanýanlar häzirki wagt deslapky tussaghanada saklanylýar.

Hadysa

21-nji iýunda 21 ýaşly Altynaý Seýitmedowa günortan sagat 13:00 töweregi şäheriň Otakar Ýaroş köçesiniň ugrundaky jaýyň bäşinji gatyndan özüni aşak oklapdy.

Harkowyň Inžener-pedagogik akademiýasynyň talyby Seýitmedowa hadysanyň bolan ýerinde bada-bat jan berýär we bu ýere ýetip gelen “Tiz kömegiň” lukmanlaryna diňe ölüm faktyny tassyklamak galýar.

Polisiýa resmisi gyzyň ýanyndan onuň özüni jaýdan oklamazdan öň ýazan hatynyň tapylandygyny tassyklasa-da, hatyň mazmuny barada häzirlikçe nähilidir bir maglumat bermekden saklandy.

Öz-özüni heläklemezden ozal Seýitmedowa döwlet synaglaryny tabşyryp, öýüne – Türkmenistana gitmäge taýýarlyk görýän ekeni.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň Harkow welaýaty boýunça Baş müdirligi bu hadysanyň häzirlikçe ýurduň Jenaýat kodeksiniň 120-nji maddasynyň 1-nji bölümi, ýagny “janyna kast etmäge mejbur etmek” maddasy boýunça häsiýetlendirýändigini habar berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG