Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa banklaryň bölümçelerini açýar


Afinyda bankomadyň öňünde zenanlar. 30-njy iýun, 2015 ý.

Afinyda bankomadyň öňünde zenanlar. 30-njy iýun, 2015 ý.

Gresiýanyň maliýe ministri öz pensiýalaryny awtomat bankomatlardan almak üçin bank kartalaryny ulanmaýan pensionerler üçin 1-nji iýuldan başlap banklaryň 1 müň sany bölümçesiniň gaýtadan açyljakdygyny aýdýar.

Gresiýada bank ulgamynyň çökmeginiň öňüni almak maksady bilen hökümet tarapyndan güýje girizilen taslamalaryň bir bölegi hökmünde, banklar 6-njy iýula çenli ýapyklygyna saklanyp galar.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras ses berijileri 6-njy iýunda geçiriljek referendumda halkara kreditorlarynyň talabyny ret etmäge çagyryş etdi.

Öz gezeginde, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri halkara kreditorlarynyň talabyny ret etmeklik Gresiýanyň ýewrozonadan çykmagyny aňladýar diýip, duýduryş berdiler.

29-njy iýunda müňlerçe adam hökümete öz goldawyny beýan etmek üçin Afinyda ýygnandy.

XS
SM
MD
LG