Sepleriň elýeterliligi

Fabius: ýadro gepleşikleri täze sene bellenmez


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius. 30-njy iýun, 2015 ý.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius. 30-njy iýun, 2015 ý.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň bellenileni ýaly 30-njy iýunda geçiriljekdigini we araçylaryň gepleşikleri tamamlamak üçin täze bir senäni bellemezlik barada karara gelendigini aýtdy.

Fabius 29-njy iýunda Nýu Ýorkda habarçylara beren maglumatynda Eýran, Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we Birleşen Ştatlar Tähranyň ýadro programmasy boýunça soňky ylalaşygy tamamlamagyň üstünde işleýän mahaly, şu hepde Wena dolanmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Fabius araçylar “käbir öňe gidişlikleri gazandylar, emma heniz bu prosesiň soňy tamamlanmady” diýdi.

Awstriýanyň paýtagty Wenada Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýran bilen ylalaşyga gelnip-gelinmejegi dogrusynda bir zat aýtmak üçin “heniz örän irdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG