Sepleriň elýeterliligi

Balkanabatda azyk gymmatlady


Gymmatlaşyk, diňe bir Balkanabat bilen çäklenmän, eýse ýurduň ähli welaýatlarynda diýen ýaly duýulýar.

Gymmatlaşyk, diňe bir Balkanabat bilen çäklenmän, eýse ýurduň ähli welaýatlarynda diýen ýaly duýulýar.

Balkanabatda şu ýylyň başyndan bäri azyk önümleriniň tas ählisiniň diýen ýaly bahasy ýokarlandy. Bu gymmatlaşyk ýurduň daşyndan getirilýän önümleriň bahasyna-da, Türkmenistanyň öz içinde öndürilýän önümleriň bahasyna-da öz täsirini ýetirdi.

Mysal üçin, şäheriň 199-njy kwartalyndaky “Jennet” bazarynda geçen ýylyň aýagynda 1 kg goýun etiniň bahasy 16 manat bolan bolsa, häzir onuň nyrhy 20 manada galdy. Ýurduň daşyndan getirilýän gäwmiş etiniň bahasy hem 12 manatdan 15 manada çykdy.

Ýurduň özünde öndürilýän “Ahal” pagta ýagynyň nyrhy 3 manatdan 4 manada bardy. Import ösümlik ýagynyň bahasy hem 1 manat gymmatlady.

Däneli harytlaryň hem köpüsiniň, şol sanda tüwiniň, greçkanyň bahalary hem azyndan 1-2 manat aralygynda ýokarlandy.

Balkanabatlylaryň köpüsi harytlaryň gymmatlamagy zerarly öz maşgala býujetlerine ýaramaz täsir ýetendigini aýdýarlar.

“Bu bir ýa iki haryt hem däl. Ähli zat gymmatlady. Aýlyklar 10% galsa, harytlar 30% galýar. Onsuzam gün-güzerany zordan aýlaýarys” diýip, elektrik hünärmeni bolup işleýän, 13-nji mikoroýonyň ýaşaýjysy Taňryberdi zeýrenýär.

Ýylyň başyndan bäri dowam edýän bu gymmatlaşyk, diňe bir Balkanabat bilen çäklenmän, eýse ýurduň ähli welaýatlarynda diýen ýaly duýulýar.

Sebäpler

Harytlaryň näme sebäpden gymmatlaýandygy halka resmi ýagdaýda düşündirilmeýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde-de bu gymmatçylyk we onuň düýp sebäpleri hakda hiç hili maglumat çap edilenok.

Şol bir wagtda-da gürrüňini edýän gymmatlaşygymyz manadyň hümmetsizlenmeginiň we benziniň bahasynyň galmagynyň yzysüre ýüze çykan hadysalar.

Ýatladyp geçsek, türkmen hökümetiniň beren wadalaryna garamazdan, şu ýylyň ilkinji güni, manat dollara görä 23% çemesi hümmetsizlenip, bir dollaryň bahasy 3.50 manat boldy. Üstesine-de, ýurtda benziniň bahasy 60% ýokarlanyp, 1 litr benziniň bahasy 1 manada çykdy.

Balkanabadyň 5-nji mikroraýonyndaky bazarynyň söwdagäri Çary ýokarda agzalyp geçilen ýagdaýlaryň ählisiniň öz söwdasyna täsir ýetirendigini aýdýar. Ol: “Azyklary, esasan, Mary, Daşoguz ýaly ýerlerden getirýäris. Benziniň gymmatlamagy bilen, ýol harajatlary hem artýar. Zyýana galmajak bolup, harytlaryň bahasyny gymmatlatmaly bolýarys” diýýär.

Manat dollara görä hümmetsizlenip, ýag-ýangyç serişdeleriniň bahasy galansoň, diňe bir azyk önümleriniň däl, eýse durmuşyň dürli ugurlarynda, şol sanda awia uçuş biletleriniň we Internet hyzmatynyň hem bahalary ýokary galdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG