Sepleriň elýeterliligi

Gani: Ýokary suduň kazysyna zenan kandidaty hödürledi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurduň Ýokary suduna ilkinji gezek zenan kazy bellemek üçin tanymal zenan aklawçynyň adyny dalaşgär görkezdi.

Owganystanyň Zenan kazylar assosiasiýasynyň başlygy we Kämillik ýaşyna ýetmedikler boýunça suduň öňki kazysy Anisa Rasuli ýurduň Ýokary sudunyň kazysyna dalaşgär görkezilen ýeke täk zenan kandidatdyr.

Gani bu barada 30-njy iýunda diplomatlaryň we zenanlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň üýşmeleňinde mälim etdi.

Gani tarapyndan Owganystanyň Ýokary sudunyň kazysyna dalaşgär görkezilen Anisa Rasuliniň kandidaturasy owgan parlamenti tarapyndan tassyklanylmaly.

XS
SM
MD
LG