Sepleriň elýeterliligi

“YD-nyň” hüjüminde 28 adam öldi


“Yslam döwleti” atly toparyň armiýasy.

“Yslam döwleti” atly toparyň armiýasy.

“Yslam döwleti” atly topar 29-njy iýunda Ýemeniň paýtagty Sanaada Huti pitneçileriniň liderlerine garşy edilen hüjümiň bu topar tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi. Saglyk işgärleriniň berýän maglumatyna görä, bu hüjümde azyndan 28 adam, şol sanda sekiz zenan heläk boldy.

Huti pitneçileriniň liderleri doganlar Faýkal we Hamid Jaýaçä garşy edilen bombaly ulag hüjümi doganlaryň bir maşgala agzasynyň jaýlanyş çäresi döwründe amala aşyryldy diýip, Ýemeniň howpsuzlyk çeşmeleri habar berýärler.

“Yslam döwleti” atly toparyň onlaýn çap eden beýanatynda toparyň Ýemeniň paýtagtyndaky “şaýy höwürtgesi” diýip atlandyran sebite hüjüm edendigi mälim edilýär.

Bu ekstremist sünni topar şaýy musulmanlaryny “ýoldan çykanlar” diýip atlandyryp, olary ýygy-ýygydan nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG