Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Hüjümde 10 esger öldi


Müsüriň howpsuzlyk güýçleri.
Müsüriň howpsuzlyk güýçleri.

Müsüriň resmileri 1-nji iýulda “Yslam döwleti” atly toparyň şübheli söweşijileri durnuksyz Sinaý sebitindäki armiýanyň barlag-gözegçilik nokatlaryna bir wagtda birnäçe hüjümi amala aşyrdylar diýýärler. Bu hüjümde azyndan 10 esgeriň ölendigi habar berilýär.

Müsüriň harbysy tarapyndan ýaýradylan beýanatda esgerler bilen söweşijileriň arasynda bolan çaknyşyklarda 22 “terrorçynyň” öldürilendigi bellenilýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" toparynyň Müsürdäki şahamçasy öz üstüne aldy.

Bu hüjümlerde, şol sanda janyndan geçeniň bombaly ulagda eden hüjüminde Şeýh Zuweýd we Rafah şäherçeleriniň golaýyndaky azyndan bäş harby-barlag nokatlary nyşana alyndy diýip, howpsuzlyk we harby resmiler aýdýarlar.

Sinaý sebitindäki söweşijiler Müsüriň howpsuzlyk güýçleri bilen eýýäm ençeme ýyl bäri söweşip gelýärler, emma 2013-nji ýylda yslamçy prezident Mohammad Morsiniň häkimiýetden çetleşdirilmegi bilen, olaryň amala aşyrýan hüjümleriniň gerimi möwjedi.

XS
SM
MD
LG