Russiýanyň Baş prokuraturasy Baltika ýurtlaryna 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyk berilmeginiň kanunylyk ýagdaýyna gaýtadan seredýär diýip, 30-njy iýunda prokuraturanyň metbugat wekili aýdýar.
Bu hereket Russiýanyň Baş prokuraturasy 1954-nji ýylda Krymyň Ukraina bikanun berlendigi barada geçen ýyl karar çykarmagynyň yzýanyna gabat geldi. Şol bir wagtyň özünde bu ädim öňki sowet ýurtlary - Litwada, Latwiýada we Estoniýada hem howsala döretdi.
Şeýle-de, bu ädime Litwanyň prezidenti Dalia Gribauskaýte gahar-gazaply reaksiýa berdi: “Hiç kim bize haýbat atyp bilmez. Biziň garaşsyzlygymyz Litwanyň halkynyň gan döküşligi we pida bolmagy esasynda gazanyldy ” diýdi.
“Bitewi Russiýa” partiýasyndan iki kanunçykaryjy ýurduň prokurorlaryna eden şikaýatynda Latwiýa, Litwa we Estoniýa Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyk berilmegi barada Sowet Soýuzynyň Döwlet geňeşi tarapyndan çykarylan kararyň bikanundygyny öňe sürýär.