Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabat: Ýeke-täk kafeniň çäklendirmeleri


Balkanabatdaky ýeke-täk Internet-kafe
Balkanabatdaky ýeke-täk Internet-kafe

Balkan welaýatynyň merkezi – ilaty 120 müň töweregi diýlip çaklanylýan – Balkanabat şäherinde bary-ýogy ýeke-täk Internet-kafe bar.

Şäher poçtasynyň we "Türkmentelekomyň" binasynda ýerleşýän bu Internet-kafe mundan bäş ýyl töweregi ozal açyldy. Kafede bäş ulanyjy üçin kompýuter ýerleri döredilen we Internediň 10 minudynyň bahasy-da 1 manat.

Internet-kafe "Türkmentelekomyň" binasynda ýerleşýär
Internet-kafe "Türkmentelekomyň" binasynda ýerleşýär

Internet-kafede Internede girmekçi bolup gelen her bir adamdan, ýurduň beýleki etraplarynda-da bolşy ýaly, onuň pasporty talap edilýär we müşderi hasaba alynýar. Pasport, müşderi Internediň hyzmatyndan peýdalanýan wagty hyzmat ediş operatorlarynda saklanylýar.

Ýaşaýjysy ýüz müňden geçýän şäherdäki ýeke-täk Internet-kafe bolsa-da, bu ýerde müşderileriň sany juda çäkli.

Balkanabatlylaryň käbiri muny Internete girmegiň bahasynyň gymmatlygy bilen düşündirse, beýlekileri müşderileriň azlygyny Internet-kafede girizilen çäklendirmeler bilen düşündirýärler.

Internet-kafede bäş ulanyjy üçin kompýuter ýerleri döredilipdir
Internet-kafede bäş ulanyjy üçin kompýuter ýerleri döredilipdir

Şäheriň 206-njy “A” kwartalynyň ýaşaýjysy Ylýas Internede mobil telefonyndan girse, gaýta özüne has amatly bolýandygyny aýdýar: “Men 3 manada telefonym üçin 50 mb-lik Internet paketini alyp, ondan bir aýlap peýdalanyp bilýärin. Internet-kafede bolsa bu 3 manada diňe 1/2 sagat Internet ulanyp bilýärin”.

Munuň üstesine-de, Balkanabadyň Internet-kafesiniň operatorlarynyň duýdurmagyna görä, bu ýerde Facebook, Youtube ýaly sosial ulgamlar petikli bolup, olara girip bolmaýar.

Şol bir wagtda-da bu Internet-kafeniň hyzmatyndan peýdalanyp gören balkanabatlylar operatorlaryň özleriniň girýän sahypalaryna gözegçilik edýändigini aýdýarlar.

Balkanabadyň Kerim atly ýaşaýjysy Internetden peýdalanýan pursaty operatoryň, öz ýanyna gelip, ulanýan sahypasyny ýapmagy talap edendigini gürrüň berýär. Kerim: “Internedi ulanyp oturan pursatym, operator gelip, “palan” sahypaňy ýap, bolmasa-da Internediňi öçüreris’ diýip, talap etdi” diýip, gürrüň berýär.

Emma, Balkanabadyň Internet-kafesindäki operatorlaryň müşderileriň girýän sahypalaryna gözegçilik edip-etmeýändigi baradaky maglumaty operatorlaryň özüne tassykladyp bolmady.

S.Nyýazow döwründe Türkmenistanda Internet ilat köpçüligine elýeter däldi. Häkimýet başyna G.Berdimuhamedowyň geçmegi bilen, 2007-nji ýylda ýurtda “Türkmentelekomyň” ilkinji Internet-kafeleri peýda bolup başlady.

Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurtda internet aragatnaşygynyň ilat köpçüligine has elýeter bolup başlandygyna garamazdan, ýurtda internet senzurasy hem hereket edýär. Ýurtda Türkmenistan barada resmi garaýyşdan tapawutly maglumatlary berýän web-saýtlaryň köpüsiniň öňi beklenýär.

XS
SM
MD
LG