Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: çaknyşyk mümkinçiligi ösýär


Pentagonyň 1-nji iýuldaky hasabatynda ABŞ-nyň dünýäniň beýleki uly harby güýçleri Orsýet, Hytaý bilen urşa çekilmek ähtimallygy «pes, ýöne ösýär» diýilýär.

«Orsýet öz goňşularynyň özygtyýarlylygyny hormatlamaýandygyny gaýta-gaýta görkezdi we öz maksadyna ýetmek üçin güýç ulanmak isleýär» diýip, 2015-nji ýylyň Milli harby strategiýa hasabatynda aýdylýar.

Pentagon Orsýetiň Ukraina goşun salandygyny ýaňzydýar, emma Moskwa separatistleri goldamak üçin gündogar Ukraina goşun ýerleşdirendigini ret edýär.

Pentagonyň 2011-nji ýyldaky hasabatynda Orsýet barada az zat aýdylýardy, ýöne ol Moskwanyň Krymy anneksiýa etmezinden we pitneçiligi goldap, müňlerçe adamyň ölümine we ýaşaýan ýerinden bosmagyna sebäp bolmazyndan ozal çap edilipdi.

Hasabatda Hytaý hem barha agressiwleşýän ýurt hökmünde görkezilýär.

XS
SM
MD
LG