Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan generaly neşede tutuldy


Baglan welaýatynda bir owgan generaly 19 kilogram çemesi geroin gaçakçylygy üçin tussag edildi.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Dawlat Waziri brigada generaly Abdul Samad Habibiň 30-njy iýunda tussag edilendigini, onuň öz maşynynda bikanun neşe maddalaryny alyp gaçjak bolandygyny aýtdy.

«Men onuň tussag edilendigini, geroin gaçakçylygynda aýyplanýandygyny tassyklaýaryn» diýip, ol aýtdy.

Brigada generaly Balh welaýatyndaky esger toplamak merkezine ýolbaşçylyk edipdir.

Welaýat polisiýasynyň sözçüsi Ahmed Jawed Başarat generalyň geroini Nangarhar welaýatyna, Pakistan bilen serhede getirip, ýurtdan çykarmakçy bolandygyny aýtdy.

Başarat bu iş bilen bagly ýene iki harbynyň tutulandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG