Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-a goşulan azeriler türmä basyldy


Azerbaýjan sudy «Yslam döwleti» ekstremist toparyna goşulan 10 adamy dört ýyldan 15 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Baku sudunyň sözçüsi olaryň 2014-nji ýylda çynlakaý jenaýatlary üçin tussag edilen 26 adamyň arasynda bolandygyny aýtdy.

Ýurduň Howpsuzlyk ministrligi 2014-nji ýylyň sentýabrynda Pakistanda, Siriýada, Yrakda «bikanun ýaragly topar döreden we olary ýarag bilen üpjün eden» 26 adamyň tutulandygyny, olaryň käbiriniň «Yslam döwletiniň» hatarynda söweşendigini aýdypdy.

Olaryň käbiri ilki Pakistandaky toparlara goşulyp, soň Siriýa geçse, beýlekileri Siriýa Türkiýäniň üstünden barypdyr diýip, ministrlik aýtdy.

XS
SM
MD
LG