Sepleriň elýeterliligi

669 çaganyň halasgäri ýogaldy


Pragada Ikinji Jahan urşy döwründe 669 çagany halas eden britan raýaty Nikolas Winton 106 ýaşynda aradan çykdy.

Londonda ýewreý maşgalasynda doglan Winton Londonyň haryt biržasynyň ýaş işgäri hökmünde nasistleriň gol astyndaky Çehoslowakiýa sapar edýär.

Ol 1939-njy ýylda şol ýerden 669 çaganyň otla münüp, Britaniýa aşmagyny gurnaýar. Ol çagalaryň köpüsi ýewreýdi we bu olaryň konsentrasiýa lagerlerinden gutulmagyna sebäp bolýar.

Winton 1939-njy ýylyň 3-nji sentýabyrynda ikinji otlyny hem ýola salýar, emma eýýäm Britaniýa Germaniýa garşy uruş yglan edipdi we serhetler ýapylypdy. Ikinji otla mündürilen 250 çagadan soň gördüm-bildim bolmaýar.

Wintonyň bu eden işi 50 ýyl soň, tötänden belli bolýar.

XS
SM
MD
LG