Sepleriň elýeterliligi

Tunis: 12 adam tutuldy


Tunisiň häkimiýetleri Sus myhmanhanasyna edilen hüjümiň derňewi bilen bagly 12 adamyň tutulandygyny aýdýar.

Kenarýaka kurort şäherinde guralan hüjümde 38 adam öldürilipdi we olaryň köpüsi britaniýaly syýahatçylardy.

Parlament aragatnaşyklary ministri Lažar Akremi polisiýanyň Liwiýadaky jyhadçylar lagerinde tälim alan iki adamy gözleýändigini, olaryň Sus hüjümçisi bilen bile bolandygyny aýtdy.

26-njy iýunda günbatar turistlerine edilen hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti» topary öz boýnuna aldy.

Hüjümçi soň polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG