Sepleriň elýeterliligi

BMG: Srebrenisada genosid edildi


Orsýet we onuň Balkan ýaranlary Bosniýa urşy mahalynda Srebrenisada genosid edildi, ýagny gyrgyn boldy diýilmegini ýokuş görüp biler, emma BMG-niň beýleki birnäçe wekili bu sözi aýtmakdan ýaýdanmaz.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Baş assamleýada 1-nji iýulda, 8 müňden gowrak bosniýaly musulmanyň gyrylmagynyň 20 ýyllygyny bellemek baradaky rezolýusiýa üstünde bolan çekişmede Ýewropada Ikinji Jahan urşundan bäri bolan iň elhenç gyrgynçylygyň adyny «genosid» diýip tutdy.

BMG-niň bu gyrgyny amala aşyranlary jogapkärçilige çekmek baradaky tribunalynyň başlygy Serge Brammertz, ABŞ-nyň ilçisi, 1995-nji ýyldaky gyrgynçylyk bolan mahaly Bosniýada ştatadan daşary žurnalist bolan Samanta Power dagy hem «genosid» sözüni ulandy.

"Şu günki gün Srebrenisada gyrgyn bolandygyny inkär edýän adamlar diňe öz-özlerini kemsidýärler» diýip, Power aýtdy.

Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wusiç ony «uly, elhenç jenaýat» diýip atlandyrdy, emma «genosid» diýip atlandyrmakdan ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG