Sepleriň elýeterliligi

YD jeňçileriniň 'ýasama' ölümi


 Abu Daoud Toçiki diýen ýasama at bilen tanalýan bir täjik jeňçisi

Abu Daoud Toçiki diýen ýasama at bilen tanalýan bir täjik jeňçisi

Yslam döwleti atly jeňçi toparyň ideologiýasynyň bir esasy elementi "kapyrlara" garşy söweşde "şehit" bolup ölmek düşünjesi.

Yslam döwleti ölen jeňçileriň suratlaryny internetde ýaýradyp, propaganda işlerinde olary "şehitler" diýip, buýsanç bilen dabaralandyrýar welin, ýöne Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Radio Ozodiniň habar bermegine görä, täjik häkimiýetleri 28 ýaşly Abu Daoud Toçiki diýen ýasama at bilen tanalýan bir täjik jeňçisiniň özüniň Siriýada "öldi" habaryny sosial mediada bilgeşli ýaýradanlygyny güman edýärler.

Iýun aýynyň aýaklarynda sosial mediada ýaýradylan habarlarda hakyky ady Parwiz Saidrahmonow bolan Abu Daoud öldi diýip yglan edildi.

Gulmurad Halimow

Gulmurad Halimow

Aýdylyşyna görä, Saidrahmonow, OMON-yň öňki täjik komandiri, üstümizdäki ýylyň başlarynda "Yslam döwletine" goşulan Gulmurad Halimowa ýara düşen hüjümde ölüpdir.

Bu gürrüňler sosial mediada ”Halimow Yrakda ölüpdir” diýen myş-myşlar ot ýaly çabrap ýaýran güni, ýagny 22-nji iýunda başlandy.

Halimowyň ölendigi baradaky myş-myşlar ýalan ý-da çişirilen zat bolup çykdy. Sebäbi 23-nji iýunda sosial mediada OMON-yň öňki komandiriniň ýeňil ýaralanandygyny görkezýän suratlar peýda boldy.

Ondan bir gün soň bolsa Saidrahmonow öldi diýen habar ýaýrady. YouTube-de ýerleşdirilen bir "şehit wideosynda" onuň gana bulaşyp ýatan suraty çykdy. Ýöne wideoda Saidrahmonowyň haçan we nirede ölendigi aýdylanok.

Emma Saidrahmonow bu gün hem diri bolsa, onda Yslam döwletine ol öldi diýip habar ýaýratmak nämä gerek bolduka?

Täjigistanyň Baş prokurorlygynyň sözçüsi Muzaffar Ýusufiniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Asomiddinow ýaly täjik jeňçileriniň garyndaşlarynyň ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan soraga çekilmeginiň öňüni almak üçin özlerine "öldi" diýdirýän bolmagy mümkin.

Ýusufi bir täjik raýatynyň ”Yslam döwletine” goşulandygy güman edilse, derňewçileriň degişli maşgalanyň agzalaryny soraga çekýändiklerini, ýöne eger maşgala öz hossary çaknyşykda öldi diýip, onuň patasyny alsa, onda derňewiň kesilýändigini aýdýar.

Bular ýaly galp ölümler ozal hem bolman duranokdy. Mysal üçin, ”Yslam döwletine” goşulan 23 ýaşly Suhrob Asomiddinowyň bir suraty aprel aýynda sosial mediada ýaýrap, ol "şehit" boldy diýildi.

Agzalýan suratda gözüni ýumup, ýerde süýnüp ýatan Assomiddinowy görmek bolýardy. Ýöne ”Yslam döwletiniň” iýun aýynda çykaran başga bir wideosynda Assomiddinowyň, wagtlaýyn hem bolsa, entek diridigi görünýärdi.

Ýusufi bu jeňçiler "Yslam döwletiniň” ideologiýasynyň pidalary", bular bu jeňçi topar tarapyndan elhenç işleri amala aşyrmak üçin beýnisi ýuwlan adamlar diýýär.

Saidrahmonowyň hem başyna şular ýaly işler geldimikä?

Onuň ölendigi resmi taýdan tassyklanmasa-da, maşgalasy 27-nji iýunda ol öldi diýip, aýat-doga etdi.

Ýöne onuň aýal dogany Anora Saidrahmonowa Ozodi Radiosyna özüniň doganynyň ölendigine ynanmaýandygyny aýtdy.

Anoranyň aýtmagyna görä, maşgalasy Saidrahmonowyň ölendigi baradaky habary sosial mediadan eşidipdir. Ol 25-nji maýdan bäri öz maşgala agzalary bilen ilteşikde bolmandyr.

Saidrahmonow üç gezek öýlenipdir, iki gezek Täjigistanda bir gezek Orsýetde. Onuň iki täjik aýalyndan üç çagasy bar. Ors aýalyndan bolan bäbegi-de ýaňy üç aýlyk.

"Ol özüniň şahsy durmuşyndan gaty närazydy. Ilkinji aýaly neşebent bolup çykdy. Ikinji aýaly bilen hem oňuşmady" diýip, Anora gürrüň berýär.

Anoranyň aýtmagyna görä, Saidrahmonow Orsýete gidip, bütinleý jyhat düşünjesine ulaşypdyr: "Ol şondan başga zat barada oýlanmaýardy. Ors aýalyna şu ugurda ölmäge hem taýyndygyny, Täjigistandaky garyndaşlary gyrylsa-da, yzyna dolanyp, bu ýere gelmejekdigini aýdypdyr".

Şeýlelikde Saidrahmonow ”Yslam döwletine” goşulypdyr. Ol Orsýetden Yraga bir ýyl mundan ozal gidipdir. Maşgala agzalary muny ol geçen fewralda öýlerine jaň edeninde bilip galypdyrlar.

Saidrahmonowyň "şehit wideosyndaky" suratlaryndan çen tutulsa, ol ”Yslam döwletiniň” propaganda bölüminde media aktiwisti bolup işläpdir.

Köp suratlarda Saidrahmonowyň bir edarada ýazuw stolunyň başynda bir laptop bilen işläp oturandygy görünýär.

Yslam döwleti özüniň resmi propaganda işlerinde hem şehitlik baradaky ideologiýasyny ýaýratmakda Saidrahmonowdan peýdalanypdyr.

Aýal dogany Anoranyň doganynyň ölenine ynanmagy ýa ynanmazlygy ”Yslam döwletini” gyzyklandyranok. Ol bu toparyň ölüm kultuny ösdürmekde ulanylan bir gural.

XS
SM
MD
LG