Sepleriň elýeterliligi

Pentagon: Russiýa bilen çaknyşyk ähtimallygy artýar


Rus harbylary

Rus harbylary

Pentagon ABŞ-nyň dünýäniň beýleki iri döwletleri, ýagny Russiýa we Hytaý bilen uruş ýagdaýyna girmek ähtimallagynyň “pes hem bolsa, barha artýandygyny” aýdýar. Pentagonyň 1-nji iýulda çap eden hasabatynda bu ýagdaýlaryň netijesiniň “ägirt uly” boljakdygy hem nygtalýar.

2015-nji ýyl üçin Milli harby strategiýa hasabatynda “ABŞ-nyň dünýäniň iri döwletleri bilen uruş ýagdaýyna girmek ähtimallygy pes hem bolsa, bu howp barha artýar” diýilýär.

Hasabatda “Russiýa eýýäm birnäçe gezek goňşy döwletleriň özygtyýarlylygyny äsgermeýändigini görkezip, öz maksatlaryna ýetmek üçin güýç ulanmakdan hem gaýtmajakdygyny äşgär etdi” diýip bellenilýär.

Pentagon – Moskwa mundan boýun gaçyrsa-da, – gündogar Ukrainada rus esgerleriniň bardygyny we olaryň öz separatistik hereketlerini güýçlendirýändigini aýdýar.

Pentagonyň 2011-nji ýylda çap bolan öňki hasabatynda Russiýa bu meselede az agzalýar. Emma ol hasabat Russiýanyň Krymy basyp almagyndan öň çap edilipdi.

Hasabatda Hytaýyň agressiw we wehim salyjy hereketleriniň hem ABŞ-nyň howpsuzlygyna gorky salýandygy nygtalýar.

“Bu günki gün global howpsuzlyk ýagdaýy soňky 40 ýylyň içinde çaklap bilinmejek derejä ýetdi” diýip, ABŞ-nyň Komandowaniýesiniň Baş ştabynyň ýolbaşçysy General Martin Dempseý aýtdy.

Hasabatda Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik raketa mümkinçilikleriniň artandygyna hem üns çekilýär.

Pentagonyň hasabatynda “Yslam döwleti” ýaly ekstermistik toparlaryň soňky uruş tehnologiýalaryny peýdalanyp, tutuş ýurtlary we regionlary hem durnuksyzlaşdyryp biljekdigi bellenilýär.

Hasabatda “Global durnuksyzlyk barha möwjeýär” diýilýär.

Artýan howplara garamazdan, Amerikanyň harby ulgamy dünýäniň iň öňdebaryjylarynyň biri bolup galýar. ABŞ-nyň harby pudagynyň býujeti 600 milliard dollara golaýlaýar.

XS
SM
MD
LG