Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: hristian jübüdi halas edildi


Pakistan polisiýasy hristian jübüdiniň mähelle sudunda öldürilmeginiň öňüni aldy diýip, 2-nji iýulda uly derejeli ofiser aýtdy.

Olary, hamala, hudaýa şek ýetirmekde aýyplapdyrlar. Bu waka Panjab welaýatynyň Makki obasynda bolupdyr.

Etrap polisiýasynyň başlygy Sohaýl Zafar Çatha hristian jübüdiniň, sowatsyz är-aýalyň köne reklamaly, dürli kolležleriň şygarlary ýazylan çadyry tapyp, özlerine ýatmaga düşek edip ulanandyklaryny aýdýar.

Ol şygarlaryň arasynda arap hatynda ýazylan we Kurandan alnan şygarlar hem bar eken. Bu ýagdaý ruhanylaryň ol är-aýaly hudaýa hormat etmezlikde aýyplamagyna sebäp bolupdyr.

Şäheriň musulmanlary ýygnanyp, näme günä edenini bilmeýän är-aýaly öýünden süýräp çykarypdyr.

Olar urlup öldürilmeli eken, emma polisiýa wagtynda ýetişip, betbagtçylygyň öňüni aldy diýip, Çatha aýdýar.

XS
SM
MD
LG