Sepleriň elýeterliligi

Rus, Eýran prezidentleri duşuşar


Kreml Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gelýän hepde eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen duşuşjygyny aýdýar.

Bu duşuşyk Orsýetiň Ufa şäherinde geçer. «Hawa, biz şeýle duşuşygyň bolmagyna garaşýarys we hakytadanam oňa taýýarlyk görýäris» diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 2-nji iýulda žurnalistlere aýtdy.

Orsýet 9-10-njy iýulda Ufada Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitini geçirýär.

Orsýet, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan bu gurama agza bolup, Eýran oňa synçy hökmünde gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG