Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Baku Londona protest bildirýär


Azerbaýjan etniki ermenileriň bölüniji regiony Dagly-Garabagyň lideriniň geljek hepde Londona etjek saparyna protest bildirdi.

Daşary işler ministrligi 2-nji iýulda Britaniýanyň Daşary işler edarasyna Bako Şahakiýanyň Londona planlaşdyrylan sapary babatda protest ýollandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi şondan bir gün öň Bakuwdaky britan ilçisi Irfan Siddiki çagyryp, bu saparyň «Azerbaýjanyň özbaşdaklygyna we toprak bütewiligine garşy gönükdirilen» çäredigini aýtdy.

Siddiki žurnalistlere Britaniýanyň öz-özüni jar eden Dagly-Garabagy ykrar etmeýändigini, britan hökümetiniň onuň hiç bir wekili bilen gatnaşyk gurmaýandygyny aýtdy.

Şahakiýanyň sapary Çatham haus ylmy-barlag guramasynyň çäresi esasynda guralýar.

XS
SM
MD
LG