Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serb prezidenti Srebrenisa gelmez


Serb prezidenti Tomislaw Nikoliç 11-nji iýulda Bosniýada Srebrenisa gargynçylygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanýan ýatlama çärelerine gatnaşmaz. Bu habary prezidentiň edarasy ýaýratdy.

Bu habar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde bolan maslahatda Günbatar döwletleri we Orsýet Bosniýa urşy mahalyndaky Srebrenisa gyrgynçylygyny 'genosid' atlandyrmalymy ýa däl diýen meselede iki bölünenden soň çykdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1-nji iýuldaky ýatlama çäresinde Ban Ki-mun we ABŞ-nyň ilçisi Samanta Power 8 müňden gowrak bosniýaly musulman erkeginiň köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG