Sepleriň elýeterliligi

YD Palmyra heýkellerini döwýär


«Yslam döwleti» ekstremist toparynyň jeňçileri merkezi Siriýadaky gadymy Palmyra harabalagyndan ogurlanan taryhy eksponatlary weýran edişlerini görkezýän suratlary çap etdiler.

YD-nyň Aleppo welaýatyndaky ýolbaşçylary bu suratlary 2-nji iýulda internetde ýerleşdirdi. Olarda birnäçe heýkeliň ýekedaban bilen urlup, döwülýän pursaty görkezilýär.

YD bu heýkelleriň Palmyra degişlidigini, olaryň gaçakçydan konfiskasiýa edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG