Sepleriň elýeterliligi

Pakistan hadysasynda 17 adam öldi


Pakistanyň harbylary 3-nji iýulda Panjab welaýatynda bolan şübheli otly hadysasynda ölenleriň sanynyň 17-ä ýetendigini aýdýarlar.

Ol otly 200-den gowrak adamy, şol sanda harbylary, olaryň maşgalalaryny hem alyp barýan eken. Otly, köpriniň bölekleýin çökmesinden soň, 2-nji iýulda kanala gaçýar.

Hökümet ministri Wazirabad şäheriniň golaýynda bolan hadysanyň zyýankeşlik bilen bagly bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Häzire çenli 17 adamyň jesedi tapylypdyr we ýitenleriň gözlegi dowam edýär.

Ölenleriň arasynda harby birikmäniň komandiri, onuň aýaly we gyzy hem bar diýip, habarlarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG