Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssy kime, nähili täsir edýär?


Türkmenistan edil häzirki döwürde şu güne çenli görlüp-eşidilmedik derejede yssy howany başdan geçirýär. Howa Aşgabatda-da, beýleki welaýatlarda deň derejede yssy, bu jöwza dürli saglyk problemalarynyň döremegine getirýär.

Eýse, yssynyň täsiri nähili adamlar üçin has uly? Adamlar nämelere üns bermeli we hökümet bu ugurda olara nähili kömek etmeli? Bu soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Döwlet Baýhan Türkiýäniň iň yssy sebitlerinden biri Antaliýada ýerleşýän keselhanalaryň birinde lukman bolup işleýän Dr. Melih Beg bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Doktor Melih beg, aşa yssy howa adamyň saglygyna nähili täsir edýär?

Dr. Melih beg: Yssy howa ylaýta-da hroniki keseli bolan adamlara ýaramaz täsir edýän bir ýaşaýyş faktory. Tomus aýlarynda aşa yssy howa sebäpli adamlarda "Gün urmak" ýa-da "epgek täsiri" diýilýän näsaglyklar ýüze çykýär. Aşa yssy sebäpli adamyň nerw ulgamynda näsazlyk döreýär. Aşa yssy zerarly adamyň aňy çaşýar, ysgynsyzlyk döreýär, erbet kellagyry, yüregiň bulanmagy, gusmak, yürek urgusynyň aşa ýokarlanmagy, gan basyşynyň ýokarlanmagy, gözüň görşüniň peselmegi, adamyň ukybynyň pese gaçmagy, deňagramlylygynyň bozulmagy we başynyň aýlanmagy ýaly näsaglyklar ýüze çykýar. Has erbedi aşa yssy sebäpli adam özünden gidip, özüni ýitirip bilýär. Aşa yssynyň döredýän bu näsaglygy sebäpli adamyň bedeniniň gyzgyny has ýokarlanýar we hatda ýagdaý koma çenli eltip bilýär. Ýaňky sanap geçen ýagdaýlarymyzyň haýsam bolsa biri ýüze çykjak bolanda, howpyň öňüni almak üçin hökmany suratda gyssagly ýagdaýda doktora ýüz tutylmaly.

Azatlyk Radiosy: Doktor Melih beg, aşa yssy howa nähili adamlar üçin has howply hasaplanýar?

Dr. Melih beg: Yssy howa birinji nobatda hroniki keseller diýilýän: gan basyşy aşa ýokary bolan, ýürek agyrysy bolan, ýürek urgusy näsaz bolan, owal ýürek damarlarynda näsazlyk zerarly özüni bejerden, süýji keseli bolan, hroniki böwrek ýetmezçiligi zerarly böwregi näsaz işleýän adamlar üçin örän howply. Şeýle-de yssy we aşa yssy howa çagalara, göwreli zenanlara, şol bir wagtyň özünde hem ýaşy bir çene ýetenlere ýagny 65-75 ýaş töweregindäki adamlar üçin has howply. Yssy howa elbetde sagdyn adama hem ýaramaz täsir edýär, ýöne ylaýta-da ýaňky agzalan adamlar üçin has howply ýagdaýy döredýär.

Azatlyk Radiosy: Doktor Melih beg, yssy howa sebäpli döreýän keseller ýa-da saglyk problemalary barada maglumat beräýseňiz.

Dr. Melih beg: Yssy howada ätiýaçly hereket edilmese, gün şöhleleri adamyň dersinde geljekde rak keselini döredip bilýär. Şonuň üçinem eger günüň aşagynda işleýän bolsaňyz gün şöhleleriniň endamyňyza degýän ýerlerine gorag derejesi has ýokary bolan kremlerden çalmaly. Yssy howada adamyny Gün urup bilýär we bu hem ony koma düşürip bilýär. Ýagny, Gün uranda adamyň ölmüne hem sebäp bolup bilýär. Köp adamda Gün uran mahaly howp ysgynsyzlyk, ýadawlyk, başynyň aýlanmagy ýaly näsazlyklar bilen başlanýar. Köp wagtlap ätiýaçsyz ýagdaýda Günüň aşagynda galanlaryň käbir organlarynda näsazlyk döräp bilýär. Süýji keseli bolan şeker komasyna düşüp biler, ýürek agyrysy bolan adamlaryň ýüreginden tutup biler.

Azatlyk Radiosy: Doktor Melih beg, aşa yssy howadan nähili goranmaly?

Dr. Melih beg: Owaly bilen günüň dowamynda gün şöhleleriniň dik düşýän wagtynda, ýagny ir sagat 10-dan öýlän sagat üçe çenli ýiti Gün şöhlesinden daşary çykman goranmaly. Yssy ýerde işlemäge mejbur bolnan halatynda hökman bedeniň suw mätäçligine birinji derejede üns bermeli. Ýöne yssydan goranmak üçin diňe suw ýeterlik bolmaýar. Adam yssyda derlän mahaly elektrolitler daşaryk çykýandygy, ýagny duz derejesi pese gaçýandygy üçin onuň öwezini dolmak üçin mineral suw ýa-da duzly çal içmeli. Günüň aşagynda işlemäge mejbur bolnanda, hökmany suratda kelläňe zat geýilmeli. Eger mümkinçilik bar bolsa, ýygy-ýygydan duşa girip, ýuwunmaly, ýagny suwa düşmeli. Ysy howada, ylaýta-da günortan, agyr naharlary iýmeli däl. Meselem: ýagly, etli we hamyrly agyr naharlardan daşda durmaly. Yssy howada gök önümlerden taýýarlanan naharlar bilen ir-iýmişleridir-miýweleri köpräk iýilmeli. Yssy howada gündiz alkogolly içgi içmek örän howply. Alkogolly içgiler adamyň bedeninde suwsuzlyk döredýändigi sebäpli, yssy howada owalam suwsuzlyk çekýän bedene artykmaç agram salýar. Şonuň üçinem yssyda alkagolly däl-de, alkagolsyz içgilerden köpräk içilmeli. Mundan başga-da yssy howada agyr sport çärelerinden hem gaça durmaly. Häzir hemmeler ösen tehnologiýadan peýdalanýar we yssy howada hem sowadýan enjamlar ulanylýar. Öýde yssydan goranyp, saglyga hem zeper ýetirmez ýaly otagyň salkynlygyny 23-24 gradus derejede saklamaly.

Azatlyk Radiosy: Doktor Melih beg, yssy howa gezek gelende, döwlet ýurduň ilaty üçin nämeler etmeli?

Dr. Melih beg: Yssy howa howply derejä, adamyň saglygyna howp salýan gyzgynlyga ýeten mahaly, ýagny 40-45 gradusdan geçende, döwlet ähli resmi edaralarda işe arakesme bermeli. Muny adamyň saglygyny goramak üçin kanuny hökmanylyk hasap etmeli. Şonda adamlar aşa yssyda işe gidip-gelmäge mejbur bolmazlar we döwletiň goldawy esasynda öz saglygyny salkyn ýerde howpdan goramaga mümkinçilik alarlar.

XS
SM
MD
LG