Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Gürjüstan: energiýa mümkinçilikleri


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Gürjüstanyň prezidenti Giorgiý Margwelaşwili. Tblisi, 2-nji iýul, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Gürjüstanyň prezidenti Giorgiý Margwelaşwili. Tblisi, 2-nji iýul, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidentiniň Gürjüstana edýän iki günlük resmi saparynyň çäginde beýleki meseleler bilen bir hatarda energiýa proýektleri, şol sanda türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak mümkinçilikleri hem aýratyn üns merkezinde boldy.

G.Berdimuhamedow özüniň gürji kärdeşi bilen geçiren duşuşygyndan soň gurnalan metbugat ýygnagynda “Günorta Kawkaz energiýa Koridoryny esaslandyrmak baradaky planlary” mälim etdi.

Türkmen lideri penşenbe güni Tbliside geçirilen metbugat ýygnagynda: “Biz Hazar we Gara deňiz regionlarynyň energiýa mümkinçiliklerini birikdirmegi maksat edinýäris. Munuň netijesinde [biziň üçin] Ýewropa bazarlaryna ýol açylar” diýdi.

Prezident Giorgiý Margwelaşwili bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň tutuş region üçin bähbitli boljakdygyny aýtdy: “Biziň energiýa we tranzit meseleleri baradaky garaýyşlarymyz birek-birege dolulygyna bap gelýär. Giň energiýa resurslarynyň Ýewropa akdyrylyp başlanmagy regional abadançylygyň we howpsuzlygyň berkemegine ýardam eder”.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ýaýradylan bilelikdäki jarnamada “Prezidentler energiýa resurslarynyň Kaspiý deňzi boýunça Ýewropa akdyrylmagynyň wajypdygyny nygtadylar” diýilýär.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory, Azerbaýjanyň energiýa ministri, Türkiýäniň energiýa we mineral serişdeler boýunça ministri we Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wise-prezidenti duşuşyp, türkmen gazyny Ýewropa akdyrmagyň kanuny gyraňly şertnamasynyň üstünde işlemek barada “Aşgabat deklarasiýasyny” kabul edipdiler.

Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wise-prezidenti Maroş Sefçowiç maý aýynda “Reuters” habar agentligine beren maglumatynda, türkmen gazynyň Ýewropa “2019-njy ýyla çenli akdyrylyp başlanmagyna garaşylýandygyny” aýdypdy.

Şonda Şefçofiç bu ugurdaky gepleşiklere – “möhüm tranzit ýurdy bolany üçin” – Gürjüstanyň hem çagyryljakdygyny aýdypdy.

Iki günlük saparynyň çäginde G.Berdimuhamedow penşenbe güni Gürjüstanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwili we parlamentiniň başlygy Dawit Usupaşwili bilen hem duşuşdy.

“Gepleşiklerde bilelikdäki strategiki proýektler, şol sanda tranzit ugurlary hem ara alnyp maslahat edildi” diýip, Gürjüstanyň premýer-ministriniň edarasy maglumat berýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen Ýewropa akdyrmak planlaryna beýleki hazarýaka döwletleri Russiýa we Eýran garşy çykýarlar. Gürrüňi gidýän ýurtlar Kaspide amala aşyryljak islendik proýekte ähli hazarýaka döwletleriň razylygynyň gerekdigini öňe sürýärler.

Türkmen gazyny Ýewropa ugry boýunça akdyrmak mümkinçilikleri dogrusynda 1990-njy ýyllardan bäri gürrüň edilip gelinýär. Bu gazgeçirijiden her ýylda 30 milliard m3 gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG