Sepleriň elýeterliligi

Buýrulandan 50 minut soň gapyňyzda.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda şäherlerde pizza daşaýan motosikllere duş gelmeýänimiz ýok bolsa gerek.

Geçen aýyň ahyrynda, Internetiň üsti bilen kitap satýan iň uly bazarlaryň biri “Amazon” kompaniýasy özüniň “Prime Now” atly hyzmatyny köpçülige hödürläp başlady. Bu hyzmatyň esasynda buýran kitabyňyz 50 minudyň dowamynda öz öýüňiziň gapysyna getirilip berilýär.

Häzirki wagta çenli kitaplar “ortaça: 3-5 günde" ýa-da “iň aňrybaş derejeli hyzmatda: 1 güne çenli” öz öýüňe getirilip berilýärdi.

Kitaby bir sagadyň dowamynda müşderä gowşurmak hyzmatynyň bahasy Türkmenistanyň pul birligi bilen 37 manada deňdir.

Eger-de buýrulan kitap 1 sagatda däl-de, ondan köp wagtyň dowamynda gowşurylsa, onda bu hyzmat we buýrulan kitap üçin müşderiden hiç hili pul alynmaz. Bu hyzmatdan müşderiler hepdäniň 7 güni, ir bilen sagat sekizden gije sagat 12-ä çenli peýdalanyp bilerler.

Müşderilere çaltlyk bilen kitap gowşurmak hyzmaty, 30-njy iýundan başlap London'da durmuşa geçirildi, öňümizdäki hepdäniň dowamynda bolsa, Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäheriniň töwereginde hem ýola goýlar. Şu ýylyň ahyryna çenli bolsa, Angliýanyň we Birleşen Ştatlaryň beýleki şäherlerinde hem köpçülige hödürlener.

"Amazon" kompaniýasy 50 minudyň dowamynda tizlik bilen kitap gowşurmak hyzmatyna, kompaniýanyň ulalyp barýan kitap bölümçesinde zerurlyk bolany sebäpli başlandyklaryny habar berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG