Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Rus hökümet emläkleri doňdurylyp biler


Şweýsariýa, ozalky "Ýukos" kompaniýasynyň ozalky eýesi Mihail Hodorkowskiý, 4-nji iýun, 2015 ý.

Şweýsariýa, ozalky "Ýukos" kompaniýasynyň ozalky eýesi Mihail Hodorkowskiý, 4-nji iýun, 2015 ý.

«Ýukos» kompaniýasynyň ozalky paýdarlary amerikan sudlaryndan özleriniň köp milliardlyk kompensasiýa hukuklarynyň ykrar edilmegini soranyndan soň, Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky emläkleri tutulyp saklanyp biler diýip, Londonyň «Telegraph» gazeti 3-nji iýulda habar berdi.

Mihail Hodorkowskiniň ýapylan nebit kompaniýasynyň paýdarlary, Haagadaky Hemişelik Arbitraž sudunyň geçen ýyl çykaran karary esasynda, Birleşen Ştatlaryň sudlaryndan özleriniň rus hökümetinden 50 milliard dollar zyýan çekendiklerini ykrar etmegi soradylar.

Eger üstünlikli bolsa, bu iş ABŞ-nyň häkimiýetlerini Orsýetiň hökümet eýeçiligindäki emläkleri, şol sanda bank hasaplaryny we gozganmaýan emlägi doňdurmaga borçly eder.

Orsýetiň RBK neşiriniň maglumatyna görä, sud kagyzlary Moskwadaky amerikan ilçihanasyna 22-nji iýunda gowşuryldy.

Prezident Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow bu iş barada düşündiriş bermekden ýüz öwrüp, onuň «aklawçylaryň meselesidigini» aýtdy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň sözçüsi amerikan sudlary daşarky döwletler bilen bagly karar çykaran halatynda Döwlet departamentiniň araçylyk edýändigini tassyklady, emma anyk şu iş barada düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.

«Ýukos» bir zaman Orsýetiň iň uly nebit kompaniýasydy, emma ol Hodorkowskiý salgytdan gaçmakda, galplykda we ogurlykda aýyplanyp, 2005-nji ýylda türmä basylanyndan soň söküldi.

Bu kompaniýanyň emläginiň köp bölegi soň Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki kompaniýalara, şol sanda Putiniň ýakyn hemşerisi Igor Seçin tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Rosneft» nebit firmasyna geçdi.

Kremliň tankytçlarynyň nukdaý nazaryndan Putiniň barha ýokarlanýan awtoritar dolandyryşynyň görnetin mysaly bolan iş, ýagny Hodorkoskiniň türmä basylmagy rus lideri tarapyndan «ogry türmede oturmaly» diýen söz bilen aklanyldy.

Putin 2013-nji ýylyň dekabrynda, on ýyl türmede oturanyndan soň, Hodorkowskiniň günäsini geçdi. Hodorkowskiý indi «Ýukos» kompaniýasynyň paýdary däl.

Haagadaky Hemişelik Arbitraž sud geçen ýyl Orsýet bu kompaniýany emläklerini ele geçirmek üçin aşa salgyt talaplary bilen, bilkastdan batmaga itekledi diýen karar çykardy. Sud şikaýatçylara 50 milliard dollar kompensasiýa tölenmeli etdi, olaryň arasynda Hodorkowskiý ýok.

Fransiýa, Belgiýa geçen aý, şu iş bilen baglylykda, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki emläkleriň birnäçesini, şol sanda gozganmaýan emläkleri we bank hasaplaryny doňdurdy.

Orsýetiň daşary işler ministrligi bu ýagdaý sebäpli Belgiýanyň ilçisini çagyrdy we muny «açyk duşmançylyk hereketi» hökmünde häsiýetlendirip, «Belgiýanyň Orsýetdäki emläklerini nyşana alýan gaýtargy çäreleriniň» görüljekdigi bilen haýbat atdy.

Belgiýanyň Daşary işler ministrligi şonda bu emläk doňdurmalarynyň suduň karary esasynda bolandygyny, oňa Belgiýanyň hökümetiniň dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

Awstriýanyň hökümeti hem emläk duoňdurmalaryny yglan etdi, emma jikme-jiklikleri aýtmady.

Orsýet ozal özüniň Haaga suduny ykrar etmeýändigini we kompensansiýa tölemek niýetiniň ýokdugyny aýdypdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG