Sepleriň elýeterliligi

YD şärigi Ysraýyla raketa atdyk diýýär


«Yslam döwleti» ekstremist toparynyň Müsürdäki şärigi günorta Ysraýyla atylan raketalaryň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

YD-a ilteşikli Sinaý welaýat topary 3-nji iýulda twitterde ýerleşdiren habarynda «basylyp alnan Palestinadaky ýewreý pozisiýalaryna üç sany «Grad» raketasy atyldy» diýýär.

Bu raketa atyşlygyň hamala, 1-nji iýulda jeňçiler demirgazyk Sinaýdaky harby barlag nokatlaryna hüjüm eden wagty, Ysraýylyň Müsüriň ýaragly güýçlerine beren goldawy üçin ar alyşdygy aýdylýar.

Bu diýilýän söweşde onlarça adam öldürilipdi. Ysraýyl harbylary Sinaýdan iki raketanyň atylandygyny, olaryň günorta Ysraýyldaky açyk meýdana düşendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG