Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: "Ýok" diýmelimi ýa-da "Hawa"?


"Hawa" ýazgyly ÝB baýdagy uçuryldy. Afina, 3-nji iýul, 2015.

"Hawa" ýazgyly ÝB baýdagy uçuryldy. Afina, 3-nji iýul, 2015.

Gresiýanyň maliýe ministri Ýanis Waroufakis Gresiýada ýurduň ýewro zonasynda galmalydygyny ýa-da däldigini kesgitlemeli milli ses berişligiň bir gün öňünden halkara karzdarlaryny «terrorçylykda» aýyplady.

Waroufakis karzdarlar, şol sanda HPF, «halkyň içinde dowul döretmek üçin», Gresiýany banklaryny ýapmaga mejbur etdi diýdi we bu hadysanyň «terrorçylyk» atlandyrylýandygyny aýtdy.

Emma ol özüniň «gorky ýeňer» diýip ynanmaýandygyny sözüne goşdy.

Gresiýada ýakyndan synlanýan referendumyň öňüsyrasynda kampaniýalar togtadyldy. Ses berijileriň öňünde ikiden birini seçmek - Ýewropa liderlerine garşy çykyp, has gowy karz şertlerini gazanjak bolmak ýa-da Afina üçin eglişikli ýol tapjak täze ýolbaşçylary gözlemek meselesi dur.

Alty ýyllyk gaýtgynlykdan soň tygşytlylyk çärelerini gowşatmagy wada beren premýer-ministr Aleksis Tsiprasyň çagyrmagynda 5-nji iýulda geçjek referendumdan 24 sagat öň syýasy üýşmeleňler we pikir soraşlyklar gadagan edildi.

Tsipras parlamentiň daş işiginde rok konserti üçin guralan sahnada referendumdan öňki soňky çykyşyny edende, merkezi Afinanyň başga bir ýerinde, ýarym mil uzaklykda garşylykly ýygnanyşyklar hem guraldy.

"Bu protest däl. Bu gorkudan we haýbat atylmagyndan üstün çykmagyň baýramçylygy» diýip, permýer-ministr 30 müň çemesi goldawçysyna ýüzlendi.
Olar Ýewropa liderleriniň teklip eden halas ediş ylalaşygyna «ýok, ýok» diýip gygyryşdylar.

40 ýaşyndaky Tsipras gyssanmaç çagyrylan referendum bilen öz hökümetiniň geljegini humara goýýar, ýagny «ýok» diýip ses berilse, olaryň tersine boljagyny duýdurandyklaryna garamazdan, Ýewropa liderleri bilen üçünji halas ediş gepleşiklerinde öz eliniň güýçlenjegini aýdyp, aýak depýär.

Eger utulsa, Tsipras gyra çekilmegi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň berk tygşytlylyk we salgyt ýokarlandyrma talaplaryny ýerine ýetirip, Gresiýanyň 300 milliard dollarlyk bergisiniň geçilmegi we täze karz almagy baradaky meseläni täze hökümetiň çözmegine nobat berjegini aýtdy.

Şäheriň başga bir ýerinde, polisiýanyň aýtmagyna görä, 22 müň çemesi adam toplanyp, «Panatenian» stadionynyň daş işiginde «hawa» ýygnagyny geçirdi. Olar grek we ÝB baýdaklaryny galgadyp, «Gresiýa, Ýewropa, demokratiýa» diýen sözlere gygyrdylar.

Germaniýada doglan grek Ýewgenia Bouzala özleriniň zeýtun ýagyny eksport edýän biznesini maliýe bulaşyklygy üçin ýapmaly boljagy barada pikir edýändigini aýdýar.

"Men bu işi dowam etdrip bileris öýtmeýärin. Soňky üç günde bolan zatlara seret, bu ýagdaý ýene alty aý dowam etse näme boljagyny göz öňüne getir» diýip, ol banklaryň ýapylmagyny, pul çykarmagyň çäklendirilmegini, kredit liniýalarynyň ýapylmagyny we Gresiýanyň soňky hepde ýüzbe-ýüz bolan beýleki maliýe kynçylyklaryny nazara alyp aýtdy.

«Hawa» diýip ses berilse...

Bouzalanyň pikirine görä, «hawa» diýip ses berilse, täze wagtlaýyn hökümet geler, "biz hemme zady täzeden başlap bileris» diýip, ol aýdýar.

«Ýok» we «hawa» kampaniýalarynyň ikisiniň hem goldawçylary ýurduň beýleki 10 şäherinde-de ýygnanyşyk geçirdi we bu drama kampaniýanyň soňky sagatlaryna çenli dartgynlylygyna galdy.

Ýurduň Ýokary sudy referendumyň bikanundygy baradaky petisiýany ret etmezinden öň gijaşama çenli maslahat etdi. Syýasy partiýa liderleri, hatda ybadathana ýaşululary hem efirde, sosial ulgamlarda «hawa» ýa-da «ýok» sesi baradaky çekeleşige goşuldy.

Bir hepde dowam eden kampanaiýanyň ahyrynda çap edilen pikir soraşlyk netijeleri iki tarapyň hem, ýagny «ýok» diýýänleriň-de, «hawa» diýýänleriň-de sähel tapawut diýmeseň, deňeçerräkdigini görkezdi.

Şeýle-de ol pikir soraşlyklar adamlaryň aglaba köplüginiň – 75 prosentiniň Gresiýanyň ýewro zonasynda galmagyny isleýändigini görkezdi.

Emma ýurduň 10 milliona golaý saýlawçysynyň köpüsi ses berişlikde goýulýan çylşyrymly soraglara o diýen düşünmeýändiklerini boýun aldy. Onda Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropanyň Merkezi bankynyň we Halkara Pul fondunyň Ýewropa toparyna 25-nji iýunda tabşyran iki bölümli planyny ýa ret etmek, ýa-da goldamak soralýar.

Afinanyň häkimi Georg Kaminis «hawa» ýygnanyşygynda goldawçylaryna ýüzlenip, «adamlar hatda berilýän soraga-da düşünmeýärler» diýdi.

"Biz adamlary bölýän we ýurda zyýan ýetirýän manysyz bir referenduma çekildik» diýip, ol aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG