Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow saparyny tamamlady


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Gürjüstana eden iki günlük saparyny soňlap, Aşgabada geldi.

Türkmen mediasy bu saparyň dowamynda energiýa hyzmatdaşlyklary, transport koridory barada maslahat edilendigini ýazýar.

Prezident Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz gazyny günorta Kawkaz koridory bilen ýewropa bazarlaryna çykarmaga gyzyklanýar.

Sapar mahalynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar, şol sanda ykdysadyýet, bilim, medeniýet we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça 10 sany düşünişme jarnamasyna gol çekildi.

Şeýle-de türkmen lideri Gürjüstanyň Ylymlar Akademiýasynyň hormatly akademigi diýen at bilen sylaglandy.

Türkmen prezidentiniň gürjüstanly kärdeşini Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynda, dekabrda Aşgabada gelmäge çagyrandygy we onuň bu çakylygy bireýýäm kabul edendigi hem habar berilýär.

XS
SM
MD
LG