Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Boko haram» 150 adamy öldürdi


«Boko haram» demirgazyk-gündogar Niregiýada 30-njy iýundan bäri 150-den gowrak adamy öldürdi.

Prezident Muhammadu Buhari muny «ynsançylyga sygmaýan we wagşyýana hereket» diýip atlandyrdy.

Jeňçiler Borno şatatyna hüjüm edip, Remezan agşamynda namaza duran dindarlary, öýlerinde oturan aýallary atyp öldürdiler, erkek adamlary ýatan ýerlerinden süýräp çykardylar diýip, harby we ýerli çeşmeler aýdýar.

Ýaragly adamlar 30-njy iýunda bir obada 50 töweregi adamy öldürdiler, ertesi Kukawada 100 adamy bir ýere toplap, atyp öldürdiler.

Iki gün soň bolsa, daňdan bir oba çozup, 12 adamy öldürdiler. 2-nji iýulda janyndan geçen iki bombaçy uly ýoluň boýunda azyndan 10 adamy öldürdi.

Bir ýaş aýal bolsa, Borno metjidinde özüni ýaryp, 12 adamy öldürdi.

XS
SM
MD
LG