Sepleriň elýeterliligi

Gün uçary syýahatyny tamamlady


Gün energiýasy bilen uçýan uçar Ýuwaş okeanyň ýokarsyndan bäş günlük rekord syýahatyny tamamlap, Hawaýide ýere gondy.

Şweýsar awiatory Andre Beorçbergiň pilotlyk eden «Solar Impuls-2» uçary 3-nji iýul güni irden, Honolulynyň daşyndaky çaklaňja aeroportda gondy.

Ol 29-njy iýunda Ýaponiýadan asmana göterilipdi we onuň iň uly synagy diňe gün energiýasyny ulanmagydy.

118 sagatlyk syýahat ozalky 76 sagatlyk rekordy tozana gardy.

XS
SM
MD
LG