Sepleriň elýeterliligi

Siriýa metjidinde 25 jeňçi öldürildi


Siriýanyň Idlib welaýatyndaky metjitde 3-nji iýulda bolan partlamada azyndan 25 adam öldi.

Britaniýadaky adam hukuklary obserwatoriýasy olaryň «Al-Kaýda» bilen iltewli «Nusra front» toparynyň agzalarydygyny aýdýar.

Ariha şäherindäki partlama «Nusra front» toparynyň agzalary ihtara, ýagny agzaçar naharyna toplananlarynda bolupdyr.

XS
SM
MD
LG