Sepleriň elýeterliligi

Putin Obamany gutlaýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklar halkara durnuklylygyny üpjün etmegiň bir guraly bolup durýar diýdi.

Putin ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 4-nji iýul, Amerikan garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlagynda «iki ýurduň arasyndaky tapawutlara garamazdan, ABŞ – Orsýet gatnaşyklary dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy faktor bolup durýar» diýdi.

Emma ol bu iki ýurduň deňlik we bir-biregiň bähbitlerine hormat esasynda dialog gurmalydygyny belledi.

Orsýet Krym ýarymadasyny anneksiýa edeli we 2014-nji ýylda Ukrainada harby konflikt başlanyp, Günbataryň Moskwa garşy sanksiýa girizmegine getireli bäri Waşington babatda dyzmaç sözleri ulanýardy.

Putiniň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Nikolaý Patruşew geçen aý Birleşen Ştatlar Orsýeti ýykmakçy bolýar diýipdi.

XS
SM
MD
LG