Sepleriň elýeterliligi

Wiker: Putine we YD-a berk gaýtawul bermeli


Birleşen Ştatlaryň senatory Rojer Wiker «erkinlik söýüji» ýurtlar birleşip, Orsýetiň agressiýasyna berk gaýtargy bermeli hem-de «Yslam döwleti» toparynyň garşysyna aýaga galmaly diýýär.

Wiker (Missisippi-respublikan) Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen 4-nji iýulda eden söhbetdeşliginde dünýä Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky hereketleri babatda aýgytlylyk we gaýratlylyk görkezmeli diýdi.

Wiker, Birleşen Ştatlaryň Helsinki komissiýasynyň egindeş başlygy Moskwanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we Gürjüstandaky, Moldowadaky, Ukrainadaky separatistleri goldamagy Helsinki şertnamasynyň, şeýle-de BMG-nyň Düzgünnamasynyň tasdan ähli prinsiplerini bozýar diýdi.

Ol «azat dünýäniň» «berk durup, hakykaty aýtmagy gerek, biziň jenap Putiniň hereketlerini olar nähili bolsa, şonuň ýaly hem görýändigimizi dünýäniň galan bölegine bildirmegimiz möhüm diýdi.

Krymyň anneksiýa edilendigine garamazdan, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gollanma ýörelgelerini wagyz edýän Helsinki şertnamasy «ölenok» diýip, Wiker aýtdy.

Ol bu ýörelgeleriň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Helsinkide 5-nji iýulda başlanjak Parlament assambleýasynda gaýtadan tassyklanjagyny hem sözüne goşdy.

Orsýetde azatlyk bolmagy üçin

Şeýle-de ol Waşingtonyň rus halkyny goldaýandygyny, emma Orsýete azatlyk gelmegi üçin, belki-de, «ýolbaşçylygyň çalşylmaly» boljagyny ýaňzytdy.

Wiker orsýetlileriň amerikanlardan ýa-da ýewropalylardan hiç bir «duşmançylyk» duýmaly däldiklerini, dünýäniň azatlyk söýüji halklarynyň rus adamlary bilen dost bolmak isleýändigini belledi.

Wiker «Yslam döwleti» topary bilen haklaşyk meselsinde hem halkara jemgyýetçiliginiň şuňa meňzeş kuwwatlylyk görkezmeginiň gerekdigini aýtdy we bu topary «örän, örän howply rak keseli» diýip atlandyrdy.

"[YD] diplomatiýa bilen sowlup gitmez» diýip, ol aýtdy. «Olar BMG tarapyndan ýa howa tolkunlaryndan ýazgarylanlary bilen hem sowlup gitmezler. Olar harby taýdan ýeňlip, ýok edilmeli bolarlar.»

Wikeriň pikirine görä, ABŞ-nyň 2014-nji ýylda, ýurtda «yztutar güýç taýýarlaman», Yrakdan esger çykarmagy ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň adminstrasiýasy tarapyndan edilen gyssanmaçlyk we ýalňyşlyk boldy.

Ol ABŞ-nyň goşunlarynyň çykarylmagy güýç boşlugyny döretdi we bu ýer YD tarapyndan eýelendi diýdi.

YD günbatar Yrakda we Siriýada uly territoriýany eýeleýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG