Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makkeýn: Goşun çykarmak şertlere esaslanmaly


ABŞ-nyň senatory Jon Makkeýn Owganystanda galan amerikan esgerleri, «Talybanyň» häzirki hüjümlerini togtatmak üçin, planlaşdyrylan möhletinden uzak saklanmaly diýýär.

Makkeýn bu sözleri 4-nji iýulda, Kabula sapary mahalynda aýtdy. Ol owgan milli goşunynyň batyrgaý söweşýändigini, emma olaryň söweş meýdanynda agyr ýitgi çekýändigini belledi.

Owganystandaky ABŞ we halkara goşunlary bireýýäm söweş hereketlerini bes etdiler we ýerli güýçlere tälim bermek bilen meşgullanýarlar. Owganystandaky daşary ýurt harbylarynyň sany 2016-njy ýylyň aýagynda ýene-de kemeldiler.

Emma Makkeýn islendik kemeltmäniň ýerli ýagdaýa, şertlere bagly bolmalydygyny, ýylyň kalendaryna bagly bolmaly däldigini aýtdy.

"Kalendara esaslanýan goşun çykaryş –betbagtçylyk bolar we, meniň pikirimçe, «Talybana» Owganystanda rowaçlyk gazanmaga ýol açar» diýip, Makkeýn aýtdy.

XS
SM
MD
LG