Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis 'adatdan daşary ýagdaýa' geçdi


Tunisiň prezidenti 4-nji iýulda, ýaragly adam meşhur kurortda 38 adamy öldüreninden bir hepde soň, adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Prezident Beji Kaýd Ýessebsi telewideniýede berlen çykyşynda adatdan daşary ýagdaý yglan etmek baradaky karara parlament spikeri we premýer-ministr bilen geçirilen gepleşiklerden soň gelnenedigini aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaý 4-nji iýundan başlanyp, 30 günläp dowam eder.

Kurort şäherçede 38 turisti öldüren ýaragly adam hem polisiýa tarapyndan öldürildi.

«Yslam döwleti» topary bu gandöküşikligiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, Tunis demokratiýasyna we syýahatçylyk senagatyna pitjiň atdy.

XS
SM
MD
LG