Sepleriň elýeterliligi

Stambulda uýgurlara goldaw bildirildi


Stambulda ýüzlerçe adam Hytaýyň öz musulman uýgur azlygyna çemeleşişi babatda ýöriş geçirdi.

Türkiýe bilen medeni baglanyşyklary bolan uýgur jemgyýetçiligi hytaýda özleriniň medeni we dini basyşa sezewar edilýändiginden şikaýat edýär.

4-nji iýulda ýörişe çykan protestçiler uýgurlaryň dogduk mekanyna degişli baýdaklary göterdiler we hytaý harytlaryny boýkot etmäge çagyrdylar.

Demonstrasiýa parahatçylykly boldy, emma «Dogan» habarlar gullugy milletçiler toparynyň ýalňyşyp, ýagny hytaýlydyr öýdüp, koreýaly turistlere topuljak bolandyklaryny, emma polisiýanyň ara düşendigini ýazdy.

Uýgurlaryň remezan aýynda dini ybadatlaryny berjaý etmekden, agyz beklemekden mahrum edilişi baradaky türk habarlary zerarly, Hytaý bilen Türkiýäniň arasy biraz dartgynlaşdy.

Hytaý şu hepde Türkiýäniň Taýlanddan 173 uýgur bosgunyny kabul etmegine nägilelik bildirdi.

XS
SM
MD
LG