Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda iki jeňçi öldürildi


Rus habar gulluklary 4-nji iýulda Gyzylýurt ýygynçagy diýilýäniň 2 agzasynyň we rus ýörite gulluklarynyň bir esgeriniň atyşykda ölendigini ýazýar.

Bu hadysa Dagystanda terrora garşy geçirilen operasiýa mahalynda bolupdyr.

Orsýetiň terrorçylyga garşy milli komiteti ýörite güýçleriň jeňçileri iki günläp kowalandygyny, muňa olaryň tokaýy barlaýan esgerleri oka tutmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Terrora garşy operasiýa jeňçileriň tokaýdaky tomusky lageri barada maglumat gowşanyndan soň başlanypdyr.

XS
SM
MD
LG