Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: 19 adam öldürildi


Yrakda 4-nji iýulda bolan partlamalarda azyndan 19 adam öldürildi, onlarça adam ýaralandy.

Iň ganly hüjüm Bagdadyň günbataryndaky Amil mähellesinde, agşamara ulag bombasy partladylanda boldy. Bu hadysada 9 adam ölüp, 24 adam ýaralandy.

Başga bir ulag bombasy bolsa, awtobusyň golaýynda partladylyp, 3 adamy öldürdi, 15 adam bolsa ýaralandy.

Bagdadyň günortasyndaky Mamodiýa şäherçesinde bolsa, açyk bazarda ýarylan bomba 3 adamy öldürdi.

Bagdadyň demirgazyk-gündogaryndaky şaýy şäheri Balad Ruzda ýarylan bomba 4 adamy öldürip, 14 adamy ýaralady.

XS
SM
MD
LG