Sepleriň elýeterliligi

Ermeni protestçileri täze talap goýýar


Ermenistanyň paýtagtynda elektrik nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyna garşylyk görkezýän protestçiler häkimiýetleriň öňünde täze talaplary goýdular.

Eger talaplary ýerine ýetirilmese, olar öz ýasama barrikadalaryny prezident köşgüne tarap her agşam bir ädim öňe süýşürjeklerini aýdýarlar.

Protest liderleriniň biri Dawit Sanasariýan 4-nji iýulda Bagramýan prospektine toplanan müňlerçe demonstrasiýaça ýüzlenip, merkezi Ýerewany iki hepdä golaý baglan protestleriň «aýgytly pursatyna» girýändigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG