Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşgala aýraçylyklaryny nädip aýyrmaly?


Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy. Aşgabat.
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy. Aşgabat.

Türkmende "Bir aýralyk, bir ölüm - hiç biri bolmasady" diýilýär.

Emma soňky ýyllarda Türkmenistandan Türkiýä we beýleki ýurtlara okamaga, işlemäge gidip, soň ýurda dolanmakda, ýa watana dolanyp, gaýtadan daşaryk çykmakda bir topar emeli kynçylyklaryň döredilýändigi, bu ýagdaýyň maşgala agzalarynyň arasynda uzaga çekýän aýraçylyklara, kähalatda ýakyn adamlaryň daşlaşyp, kesekileşip, ýat bolup gitmegine sebäp bolýandygy aýdylýar.

Bu aýraçylyklar, bir tarapdan, hökümet býurokratiýasy, kanunlaryň çigligi ýa-da gereginçe işlemezligi, kähalatda korrupsiýa bilen düşündirilse, ikinji tarapdan, nesilleriň arasyndaky düşünje tapawudy, ene-atalar bilen ogul-gyzlaryň arasyndaky «düşünişmezlikler» bilen baglanyşdyrylýar.

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany maşgala aýraçylyklarynyň sebäplerine we olary aradan aýyrmagyň ýollaryna bagyşlandy.
Diňläp, söhbete goşulsaňyz, hoşal bolarys.

Maşgala aýraçylyklaryny nädip aýyrmaly?
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:59 0:00

XS
SM
MD
LG