Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy Günorta Amerika sapar edýär


Rim papasy Fransis.

Rim papasy Fransis.

Rim papasy Fransis Günorta Amerikadaky iň garyp üç ýurda amala aşyrjak sekiz günlük saparyna başlamak üçin 5-nji iýulda Ekwadoryň paýtagty Kwito bardy.

Bu sapar Boliwiýany we Paragwaýy hem öz içine alýar. Emma Rim papasy bu saparynyň çäginde öz watany Argentina sapar etmeýär.

“Jemgyýetdäki her bir adamyň dünýädäki öňe gidişlikleriň bahbitlerinden peýdalanmaga mümkinçiligi bolmalydyr” diýip, papa Fransis Kwitonyň aeroportynda eden çykyşynda belledi.

Watikan papa Fransisiň bu saparynyň garyplyk meselelerine gönükdiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG