Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Polisiýa binasyna hüjüm edildi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.

Owganystanyň häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky Gandahar şäheriniň polisiýa barlag-gözegçilik nokadynda bolan bomba partlamasynda üç adamyň ölendigini we başga-da 13 sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

5-nji iýulda bolan bu partlama motosiklete ýerleşdirilen bombanyň ýarylmagy sebäp boldy diýip, Gandahar welaýat häkiminiň metbugat sözçüsi Samim Hpolwak belledi.

Ýerli resmiler bu hüjümiň janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrlan ýaly bolup görünýändigini aýdýarlar.

Owgan polisiýasynyň maglumatyna görä, bu hüjüm agşamara agyz açardan gysga wagt soň amala aşyrylypdyr.

Polisiýanyň metbugat sözçüsiniň maglumatynda hüjümde ölenleriň iki sanysynyň parahat ilatdandygy we biriniň polisiýa ofiseridigi mälim edilýär.

XS
SM
MD
LG