Sepleriň elýeterliligi

Montenegro: Ýarag zawodynda partlama boldy, 1 adam öldi


Montenegrodaky ýarag zawodynda bolan partlamada bir adam öldi we başga-da birnäçesi ýaralandy.

Polisiýanyň beýanatynda bu wakanyň 5-nji iýulda Moýkowas şäherçesindäki aerokosmos we goranyş desgalaryny öndürýän Tara atly zawodda bolandygy mälim edilýär.

Polisiýanyň beýanatynda wakanyň nähili ýüze çykandygy barada maglumat berilmeýär, emma partlama dogrusynda derňew işleriniň başladylandygy bellenilýär.

Bu 2014-nji ýylyň başyndan bäri Tara zawodynda bolan şuňa meňzeş partlamalaryň üçünjisidir. Mundan ozalky iki partlamada ýedi adam agyr ýaralanypdy we derňewçiler zawodda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeýändiginiň üstüni açypdylar.

XS
SM
MD
LG