Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grekler "ýok" diýdi


Grekler referendumyň netijelerini gutladylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Grekler referendumyň netijelerini gutladylar

Gresiýalylar 5-nji iýulda geçirilen referendumda halkara algydarlarynyň öňe sürýän tygşytlylyk çärelerini inkär etdiler. Gürrüňi gidýän çäreler halas ediş pul karzlaryny almak üçin şert hökmünde kesgitlenipdi.

Milli pikir soralyşygyň netijelerine görä, ilatyň 85%-i tygşytlaýyş çärelerine “ýok” diýip ses beripdir.

Hökümetiň tarapdarlary ses berilşigiň netijelerini gutlap, afinylylaryň Syntagma meýdançasynda ýörite baýramçylyk çäresini geçirdiler. Mundan owal, eger-de Gresiýa halkara algydarlary bilen umumy dil tapmagy başarmasa, onuň Ýewrozonanyň düzüminden çykaryljakdygy barada duýduryş berlipdi.

5-nji iýulda geçirilen çärä gatnaşanlaryň ellerinde Gresiýanyň baýdaklary we “Ýok” diýen şygarly plakatlar bardy. Bu ýere ýygnanlar tans edip, feýerwerkleri atýardylar.

Referendum çepçi premýer-ministr Aleksis Tsipras tarapyndan gurnaldy. Ol ses berijileri “gorka” we “terrora” garşy ses bermäge çagyrdy.

Tsipras 5-nji iýulda çykyş edip, gresiýalylaryň “Ýewropanyň bütewüliginiň we demokratiýasynyň” haýryna ses berendiklerini aýtdy.

Gepleşikler

Telewideniýe arkaly eden çykyşynda Tsipras: “Erte biz gepleşikleri ýaňadandan dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz ýurtda maliýe durnuklylygyny saklamak” diýdi.

Ses berişligiň netijeleri yglan edilenden soň, grek hökümeti halkara algydarlary bilen ylalaşmak baradaky tagallalaryny güýçlendirýändigini yglan etdi.

Hökümetiň metbugat wekili Gabriel Sakellaridis: “Şu günden başlap ylalaşyga gelmek ugrundaky tagallalar täze depgin bilen dowam eder” diýdi.

Tsipras we onuň egindeşleri ses berişligiň netijesiniň algydarlar bilen gepleşiklerde özlerine artykmaçlyk berjekdigini öňe sürseler-de, Ýewropa liderleriniň diýýäni munuň tersine.

Ýewrozonanyň syýasatçylary, eger-de ses berişlik “ýok” diýen netijäni berse, onda Ýewropanyň Merkezi Bankynyň karz bermek mümkinçilikleriniň kynlaşjakdygyny duýdurypdylar. Gresiýa bolsa gürrüňi gidýän maliýe goldawyna bil baglaýar.

Germaniýanyň ýokary derejeli syýasatçysy “Tsipras betbagtçylyga getirdi” diýip çykyş etdi.

Maýkl Fuks: “48 sagadyň içinde hiç bir ylalaşyga gelip bolmaz” diýdi.

Germaniýanyň kansleriniň orunbasary “ýok” diýen netijeden soň, täze karzlaryň beriljekdigini “göz öňüne getirmek kyn” diýip belledi.

Gresiýanyň mediasy Grek Bankynyň Ýewropanyň Merkezi Bankyndan 6.6 milliard dollar karz soramakçy bolýandygyny habar berdi.

Referendumda “ýok” diýen sesler artykmaçlyk edenden soň, häzirki pursatda Gresiýanyň ýagdaýy näbelli bolup galýar. Gresiýanyň Ýewrozonanyň çäginde ykdysady we syýasy taýdan üzňeleşdirilmegi mümkin. Şeýle-de algydarlar maliýe goldawyny bermekden ýüz öwürseler, grek bankalarynyň dargamak ähtimallygy bar.

XS
SM
MD
LG