Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Baku: Rus opera aýdymçysynyň ady gara-sanawa goşuldy


Rus opera aýdymçysy Lýubow Kazarnowskaýa.

Rus opera aýdymçysy Lýubow Kazarnowskaýa.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi rus opera aýdymçysy Lýubow Kazarnowskaýanyň ermeniler tarapyndan basylyp alnan azeri territoriýasyna eden sapary sebäpli, onuň adyny ýurduň gara-sanawyna goşdy diýip, Bakuwyň häkimiýetleri aýtdylar.

Aýdymçy Azerbaýjanda “gowy garşy alynmaz”, sebäbi onuň sapary ýurduň serhet kanunyny bozdy we “Ermenistanyň Azerbaýjana garşy amala aşyran çozuşyna we basyp alyşyna, şol sanda olaryň azerilere garşy eden etniki gyrgynçylygyna goldaw berdi” diýip, ministrligiň metbugat wekili Hikmet Hadjyýew belledi.

Kazarnowskaýa muny bolgusyz karar diýip häsiýetlendirdi.

“Men Daglyk-Garabaga medeni maksatlar sebäpli gitdim. Daglyk-Garabagdaky adamlar hiç hili uruş islemeýärler. Olar parahatçylyk isleýärler, olar perzent öndürip, aýdym-sazyň sesini eşitmek isleýärler” diýip, Kazarnowskaýa dawaly regionyň ermeni adyny ulanyp beren maglumatynda belledi.

XS
SM
MD
LG