Sepleriň elýeterliligi

Kabul: NATO-nyň ulagyna hüjüm edildi


Owgan howpsuzlyk güýçler partladylan ulagyň golaýynda derňew işlerini geçirýärler. 7-nji iýul, 2015 ý. Kabul.

Owgan howpsuzlyk güýçler partladylan ulagyň golaýynda derňew işlerini geçirýärler. 7-nji iýul, 2015 ý. Kabul.

Owgan resmileri 7-nji iýulda Kabulyň gündogar böleginde janyndan geçeniň bombaly ulagda amala aşyran hüjüminde NATO güýçleriniň nyşana alnandygyny aýdýarlar.

Owgan häkimiýetleri bombaçynyň partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulagy daşary ýurt güýçleriniň ulag kerweniniň golaýynda partladandygyny belleýärler.

Kabul şäher polisiýasynyň metbugat sözçüsi Ebadullah Karimi hüjümde üç adamyň, şol sanda parahat ilatdan azyndan bir ýaşaýjynyň we daşary ýurt güýçlerini alyp barýan ulagyň sürüjisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

NATO bu hüjümde öz harbylaryndan hiç kime zyýan ýetmändigini mälim etdi.

“Talyban” hereketi hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Kabulyň Şah Şahed territoriýasynda amala aşyrylan bu hüjüm şu hepdäniň dowamynda owgan paýtagtyndaky daşary ýurt güýçlerine garşy edilen ikinji hüjümdir.

Häzirki wagtda Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 9800 çemesi harbysy hereket edýär.

XS
SM
MD
LG