Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa hüjümiň 10 ýyllygyny ýatlaýar


Londonyň maýory Boris Johnson (çepde) we Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron. 7-nji iýul, 2015 ý. London.

Londonyň maýory Boris Johnson (çepde) we Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron. 7-nji iýul, 2015 ý. London.

Britaniýa 7-nji iýulda Londonda birnäçe terrorçy hüjümiň amala aşyrylmagynyň 10 ýyllygyny ýatlaýar. Bu hüjümlerde 52 adam heläk bolupdy.

2005-nji ýylda Londonda bolan partlamalar “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli janyndan geçen dört bombaçy tarapyndan amala aşyrylypdy. Olar Londonyň üç ýerasty otlysynda we awtobusynda partladyjy serişdeleri ýarypdylar.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron (David Cameron) gürrüňi edilýän hüjümlerde pida bolanlaryň hatyrasyna Hyde parkda gurlan ýadygärlige gül goýdy.

Hatyralama çäreleriniň Saint Paul ybadathanasynda we Londonyň beýleki ýerlerinde geçirilmegi planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG